Soňky habarlar

Arhiw

"Merw" we "Köpetdag" TFF-niň kubogyna ýeňiş bilen başlady

17:4519.02.2018
0
7169

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. “Awaza” sport toplumynyň ýaşyl meýdanyna ilki bolup “Merw” hem-de “Balkan” toparlary çykdylar. Bu duşuşykda erjellik görkezen Marynyň topary Ilýa Tamurkiniň netijeli urgusyndan soň 1:0 hasabyndaky ýeňşini baýram etdi — diýip, TFF-niň resmi saýtynda aýdylýar.

Birinji tapgyryň ikinji duşuşygy “Köpetdag” bilen “Energetigiň” arasynda geçirilip, onda paýtagtymyzyň topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu duşuşykda toparyň täze transferleri Gahrymanberdi Çonkaýewiň hem-de Pirmyrat Gazakowyň tapawutlanandyklary bellärliklidir.

 Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy bilen bir hatarda “Awaza”
 Milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyza wekilçilik edýän eminleriň hem okuw-ýygnanyşygy geçirilýär. Onda dürli maşklar bilen bir hatarda okuw-seminaryna hem giň orun berildi. Kubogyň çäginde eminlerimiziň geçirilýän duşuşyga birbada bäşisiniň eminlik edendigini hem aýratyn bellemek gerek. Dünýä futbolunda giň orun alan eminlik etmegiň bu görnüşi ýurdumyzda ilkinji gezek ulanylýar. Dünýä tejribesinde bar bolan eminlik etmekde adaty emindir gapdal eminlere derwezeleriň arkasyndaky goşmaça eminleriň ikisi hem öz ýardamyny ýetirýär.

I tapgyryň netijeleri:

“Balkan”– “Merw” – 0:1

Gol: Ilýa Tamurkin (“Merw”)

 

“Energetik”-“Köpetdag”-1:3

Gollar: Rustam Matrizaýew (“Energetik”) – Gahrymanberdi Çonkaýew, Pirmyrat Gazakow, Döwlet Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)

(oýnuň dowamynda Pirmyrat Gazakow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň