Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen basketbolçylary Azerbaýjanda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler

15:5819.02.2018
0
7087

Şu ýyl Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde şu günler Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki "Serhetçi" sport toplumynda okuw-türgenleşigini geçýän Türkmenistanyň basketbol ýygyndysy düýn bu ýerde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy. Zenanlaryň we erkekleriň arasynda geçirilen ýaryş basketbolyň 3x3 görnüşi boýunça geçirilip, oňa Türkmenistandan we Azerbaýjandan 13 topar (8-si erkekler, 5-si zenanlar toparlary) wekilçilik etdi. Azerbaýjandan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda türkmen basketbolçylary hem bölekleýin — toparlaýyn görnüşde ukyplaryny synaga saldylar. Ýaryş Azerbaýjanyň Tehniki uniwersitetiniň sport zalynda geçirildi.

Türkmen basketbolçylary bilen geçirilen bu ýaryşyň Azerbaýjanda uly gyzyklanma döredendigini turuwbaşdan nygtamak isleýäris. Ýaryşda "Arzuwlaryň gartaşan topary" ady bilen çykyş eden ýerli weteran basketbolçylaryň hem çykyş etmegi onuň şowhunyny has-da artdyrdy. Ortaça ýaşy 35-e deň bolan bu topara azeri basketbolynyň Tair Bahşiýew, Fuad Niftaliýew, Zaur Paşaýew, Anar Saryýew ýaly görnükli ýyldyzlary wekilçilik etdi.

Örän çekeleşikli geçen ýaryşlar türkmen basketbolçylarynyň tejribesiniň barha artýandygyny görkezip, olaryň geljekki üstünliklerine umydymyzy güýçlendirdi. Ähli duşuşyklary 18-nji fewralda geçirilen ýaryşda zenanlaryň arasynda hem, erkek basketbolçylarda hem türkmenistanly toparlar üstün çykdylar. Has takygy, "Türkmenistan 1" diýlip atlandyrylan zenanlar topary bäsdeşleriniň ählisini ýeňlişe sezewar edip, halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy. Erkekleriň arasyndaky ýaryşyň finalyna bolsa "Arzuwlaryň gartaşan topary" bilen Türkmenistanyň ikinji topary çykdy. Duşuşyk türkmen basketbolçylarynyň peýdasyna 22:13 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykdan soň metbugat wekilleriniň sowallaryna jogap beren milli ýygyndymyzyň tälimçisi Ridwan Welişaýew şeýle diýdi:

"Biz Bakuwa okuw-türgenleşigine geldik. Awgust aýynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýäris. Okuw-türgenleşiginiň dowamynda bu ýaryşy geçirmäge beren ýardamy üçin siziň federasiýasyňyza hoşallyk bildirýärin. Ähli şertler üçin sag boluň! Baku şäheri bize ýarady. "Serhetçi" sport toplumynda-da ähli mümkinçilikler bar. Biz Azerbaýjanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen hem bir duşuşyk geçirmekçi. Mahlasy, türgenleşiklerimiz 23-nji fewrala çenli dowam eder. Bu türgenleşikleriň toparymyzyň geljekki üstünliklerinde mynasyp paýynyň boljakdygyna ynanýaryn".

Ýeri gelende aýtsak, 3x3 basketbol geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem türkmen türgenleriniň ilkinji medal gazanan toparlaýyn ýaryşlarnyň biridir. Şol ýaryşda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy bürünç medala mynasyp bolupdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň