Soňky habarlar

Arhiw

“Ahalyň” AFK kubogy 2018-iň pleý-off tapgyryndaky ikinji duşuşygynda şri-lankaly eminler eminlik eder

10:3119.02.2018
0
3462

FIFA-nyň emini 33 ýaşly Niwon Robeş Gamininiň ýolbaşçylygyndaky şri-lankaly eminler topary futbol çempionatymyzyň wise çempiony “Ahalyň” AFK kubogy 2018-iň pleý-off tapgyryndaky ikinji duşuşygynda eminlik ederler. 20-nji fewralda Hujandda ýerli “Hujand” bilen “Ahalyň” arasyndaky geçiriljek duşuşykda Gamininiň kömekçileri hökmünde 39 ýaşly Loku Kasthotej Iran Udaýakantha bilen 40 ýaşly Wellabada Hewaj Don Sandwij Premalal çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini 28 ýaşly Wirakkodikaraj Kasun Lakmal Wirakkodi ýerine ýetirer. Bu duşuşygyň gözegçi emini Saleh Mohamed Abdulla Hasan Al-Marzuki (BAE), duşuşygyň komissary malaýziýaly Subramanian Manikam bolar.

Ýeri gelende aýtsak, 33 ýaşly Gamini geçen ýyl AFK-nyň kubogynyň utulan-çykdy tapgyrynda täjikleriň “Istiklol” hem-de Filippinleriň “Seres” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda eminlik edipdi. Şonda Täjigistanyň “Gissar” stadionynda geçirilen duşuöykda “Istiklol” 4:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Pleý-off tapgyrynyň Balkanabatda geçirilen birinji duşuşygynda “Ahal” 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

“Ahal” bilen Täjigistanyň wise-çempiony “Hujand” toparynyň arasyndaky AFK-nyň kubogynyň pleý-off tapgyryndaky jogap duşuşygy Hujand şäheriniň “Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň