Türkmenistanyň Prezidenti Diplomatik işgärleriniň güni we geçirilýän halkara maslahat mynasybetli Gutlag iberdi

14:1118.02.2018
0
5292

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylary Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hem-de maslahatyň öz işine başlanmagy bilen gutlady.

Özüniň hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan halkara giňişliginde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar. Biziň döwletimiz dünýä taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň mirasynyň täze müňýyllygyň şertlerinde döredijilikli ulanylmagyna, ony parahatçylygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine gönükdirmäge uly üns berýär.

Türkmenistanyň daşary syýasaty sebit we dünýä ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, milli bähbitlerimize laýyklykda toplumlaýyn we maksatlaýyn çäreleriň esasynda alnyp barylýar. Bir ýyl mundan öň strategiki ugurlary beýan edýän «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugurlary dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bilelikde, halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen giňden we köptaraply hyzmatdaşlyk etmekde öz beýanyny tapýar. Biz dünýäde ýüze çykýan möhüm halkara meseleleri çözülende Birleşen Milletler Guramasynyň hemmetaraplaýyn esasy gural bolup durýandygyny hemişe belleýäris we geljekde hem bu ýörelgä berk eýereris, – diýip gutlagda nygtalýar.

Şöhratly we baý taryhymyzy, milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek esasynda, biz «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir!» diýip uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň özboluşly köprüsi bolmak bilen, Türkmenistan halkara derejesinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu babatda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň hem öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipeleri ýokary talaplara laýyklykda amala aşyrmagynyň wajypdygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin.

Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşbini emele getirýän halkara ulag-logistika ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, daşary söwdany ösdürmek üçin diňe parahatçylyga, howpsuzlyga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary giňeltmelidigine we ýola goýmalydygyna biz berk ynanýarys. Şonuň üçin biziň döwletimiz bu ugurda alnyp barylýan bilelikdäki tagallalara öz mynasyp goşandyny goşýar, – diýlip gutlagda aýdylýar.

Siziň işjeň gatnaşmagyňyzda, şu günki geçirilýän halkara maslahatynyň dowamynda bu meseleler babatynda, şeýle hem daşary syýasatyň beýleki derwaýys ugurlary boýunça gyzykly we netijeli pikir alyşmalaryň boljakdygyna men berk ynanýaryn – diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň