Boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

12:0618.02.2018
0
16944

Olimpiýa şäherçesinde boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky final duşuşyklary geçirildi, olarda ähli agram derejelerinde altyn we kümüş medallara mynasyp bolanlar kesgitlenildi. Bürünç medallar ugrunda bäsleşikleri bolsa düýn geçirildi, olarda ýarym final ýaryşlarynda ýeňlen boksçylar bäsleşdiler.

Ýaryşlary Türkmenistanyň Boks federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilelikde guradylar.

Final ýaryşlary iň ýeňil agramda zenanlaryň çykyşy açdy. 48 kilograma çenli agram derejesinde aşgabatly Gülşat Poladowa we Lebap welaýatyndan Şährizada Merdanowa duşuşdylar. Bäsleşikde boksçy zenanlar goranyşa köp üns berdiler we güýçli urgulary geçirmediler. Netijede, utuklar boýunça ýeňiş G.Poladowa berildi, ol ilkinji bolup, altyn medala eýe boldy, onuň bäsdeşi Ş.Merdanowa bolsa ikinji orny eýeledi.

54 kilograma çenli agram derejesinde Daşoguz welaýatyndan Çemen Durdygylyjowa çempion boldy, ol bäsleşigi ýokary depginde geçirdi. Onuň bäsdeşi, Lebap welaýatyndan Selbi Kuwuşewa çekeleşikli geçen ýaryşyň üçünji böleginde öz bäsdeşinden asgyn geldi.

57 kilograma çenli agram derejesinde paýtagtymyzdan Aýgül Atadurdyýewa Balkan welaýatyndan Gözel Ataýewadan üstün çykdy. A.Atadurdyýewa bäsleşigi şowly başlap, dürs urgulary geçirdi. Soňra bäsleşigiň deňräk ýagdaýda geçendigine garamazdan, G.Ataýewa birnäçe gezek lukmançylyk kömegini almaly boldy hem-de onuň tälimçisi tutluşygy bes etmek kararyna geldi.

Erkekleriň arasynda ilkinji bolup, iň ýeňil — 49 kilograma çenli agram derejede Lebap welaýatynyň toparynyň wekilleri duşuşdylar. Bu bäsleşigiň ilkinji iki bölegi hüjümlere baý boldy. Şeýle-de bolsa Jabar Meleýewiň öz bäsdeşine has köp dürs urgy geçirmegi netijesinde Begenç Annageldiýewiň tälimçisi söweşi dowam etdirmezlik kararyna geldi.

52 kilograma çenli agram derejesinde hem Lebap welaýatyndan Zarip Jumaýew üstünlikli çykyş etdi. Ol tutluşygy işjeň başlap, aşgabatly türgen Mergen Meläýewi goranmaga mejbur etdi. Duşuşygyň ikinji böleginde Z.Jumaýew güýçli urgy bilen goragy böwsüp, tutluşygyň ykbalyny çözdi.

56 kilograma çenli agram derejede ilkinji orun ugrunda aşgabatly boksçular duşuşdylar. Eminleriň çözgüdi boýunça has köp dürs urgy geçiren Ýakup Meredow öz bäsdeşi Begenç Alimowdan üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy.

60 kilograma çenli agram derejede hem final duşuşyk çekeleşikli boldy, onda hem aşgabatly türgenler özara bäsleşdiler. Hursand Imankulyýew garşydaşy Ýazmyrat Gurbanowy özüne golaýlaşdyrman, urgulary başarnykly peýdalandy. Munuň özi onuň bäsdeşine ýeňip bolmajak päsgelçilikleri döretdi.

64 kilograma çenli agram derejede aşgabatly türgenler Muhammet Berdibaýew bilen Togrulbeg Pazzyýew altyn medal ugrunda bäsleşdiler, netijede, M.Berdibaýew has köp urgulary geçirip, ýeňiş gazandy.

69 kilograma çenli agram derejede Daşoguz welaýatyndan Timur Täjiýew birinji orny eýeledi. Ol bäsdeşiniň hüjümine netijeli gaýtargy berip, garaşylmadyk urgular bilen tutluşygy ynamly alyp bardy. Duşuşygyň ikinji böleginde paýtagtly boksçy Serdar Amangeldiýew has işjeň hüjüm edip, ýagdaýy üýtgetmäge çalyşdy, emma bu oňa başartmady.

75 kilograma çenli agram derejede aşgabatly boksçylar duşuşyp, Nursähet Pazzyýew ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi Aziz Açilow kümüş medala eýe boldy.

81 kilograma çenli agram derejede ýene bir aşgabatly türgen Nurýagdy Nurýagdyýew altyn medala eýe boldy, ol yzly-yzyna iki güýçli urgy bilen bäsdeşini nokdauna ugratdy. Daşoguz welaýatynyň toparyndan Ustabek Samandarow möhletinden öň bäsleşigi tamamlamaly boldy.

91 kilograma çenli agram derejede duşuşyk hem çekeleşikli bolup, tiz tamamlandy. Şunda Arslanbek Açilow Lebap welaýatyndan öz topardaşy Şöhrat Hojanepesow tarapyndan üýtgeşik garşylygy duýman, ynamly ýeňiş gazandy.

91 kilogramdan ýokary has uly agram derejesinde paýtagtly iki türgeniň arasynda geçirilen duşuşyk çempionatyň soňky bäsleşigi boldy. Şunda Baky Toýçyýew ýeňiş gazandy. Ol Atajan Nurgeldiýew tarapyndan garşylykly hüjümlerden gaça durup, dürs urgulary geçirdi. B.Toýçyýewiň söweşiň oýlanyşykly tilsimini ulanmagy oňa ýeňiş getirdi.

Tamamlanan çempionatda altyn we kümüş medallary gazananlar ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümine girmäge dalaş edýärler. Ýygyndy toparymyz belli russiýaly hünärmen –türkmen toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýagyň ýolbaşçylygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartda şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görüp başlarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň