Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

14:0217.02.2018
0
4669

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Leonidas S.Markidisden ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, üstünlikli amala aşyrylýan, şol sanda durmuş ulgamynda geçirilýän giň möçberli ösüş maksatnamalary barada gürrüň berildi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky oňyn özgertmelere aýratyn üns berildi.

Diplomat Kiprde Türkmenistanyň okgunly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edýändiklerini, olary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda esasy halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilik hasaplaýandyklaryny belledi. Söwda-ykdysady we ynsanperwer, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hasaplanylýar.

Mejlisiň işi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler babatda onuň eýeleýän orny söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti hökmünde göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti barada pikir aýdyldy.

***

Şu gün diplomat Daşary işler ministrliginde kabul edildi, onda türkmen-kipr gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň