Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmäge, şeýle hem möhlet tertibine laýyklykda her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary hem-de desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň möhlet tertibine laýyklykda alnyp barlyşy barada her aýlyk hasabaty ýöretmek hem-de şol hasabaty degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bermek tabşyryldy.