Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

11:3817.02.2018
0
7736

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise käbir welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyk işleri;

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyk, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak hem-de ulanmaga tabşyrmak hakyndaky buýrugyň taslamasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde baglara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler;

23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat — Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi;

“Amul—Hazar 2018” halkara awtorallisini, wewelosiped we ylgaw ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk;

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak çäresine, şeýle hem Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk;

Daşary işler ministrliginiň Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak bilen baglanyşykly halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görşi;

2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-njy fewralda Türkmenabat şäherinde geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk we beýleki öňde duran wezipeler barada hasabatlar diňlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň