Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky raýatlary Prezident saýlawlaryna gatnaşyp biler

14:4116.02.2018
0
6299

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda wagtlaýyn ýaşaýan raýatlary — syýahatçylara, talyplara we iş sapary bilen gelen hünärmenlere Prezident saýlawlaryna ses bermek üçin Türkmenistanyň iri şäherleriniň bäşisinde — Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda we Türkmenbaşyda döredildi diýip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.

Kanuna görä, 18 ýaşan Russiýanyň raýaty haýsy ýerde, haýsy döwletde ýaşaýandygyna garamazdan, saýlawlara ses bermäge hukukly. 

Häzirki wagtda ilçihananyň Aşgabatdaky konsullyk bölüminde 8287-nji, Türkmenbaşy şäherindäki konsullyk eadarasynda bolsa 8288-nji saýlaw uçastogy döredildi. Beýleki atlary görkezilen şäherlerdäki saýlaw uçastoklarynyň haýsy salgyda ýerleşjekdigini bolsa saýt ýakyn günlerde habar berer.

Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlary şu ýylyň 18-nji martynda geçiriler. Ýokary döwlet wezipesine 8 dalaşgär görkezildi, şolaryň biri hem häzirki Prezident W.W.Putindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň