"Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadiony "Hujand" — "Ahal" duşuşygyna taýýar

10:4316.02.2018
0
1270

Ýakynda Täjigistanyň "tfl.tj" saýtynda (Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty) Hujand şäherindäki "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynyň AFK-nyň pleý-off tapgyrynyň jogap duşuşygyna taýýardygyny habar berdi.

"Stadionyň topragy täze möwsüme taýýar edildi" diýlip, habarda aýdylýar. Onuň täzelenen otly düşegini tebigy täsirlerden goramak üçin ýörite polietilen plýonka bilen örtüldi. Bu işde HUjand şäheriniň esasy sport toplumynyň hünärmenleri örtmegiň ýyladyşhana usulyny hem ýatdan çykarmadylar. Meýdanyň oty tebigy täsirlerden goralýar, şol wagtda-da oňa açyk howadan dem almaga mümkinçilik döredilýär.

20-nji fewralda "Hujand" — "Ahal" duşuşygyny kabul etjek stadion 2009-njy ýylda açyldy. Ol köpugurly sport toplumydyr. 25 müň tomaşaça niýetlenen meýdanyň düşegi hakyky otdur. Bu ýerde futboldan başga-da, sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem ýaryşlar geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde stadion Täjigistanyň wise-çempiony "Hujand" toparynyň ýerli stadionydyr.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň