Röwşen Meredow: "1:0 entek hiç zady kesgitlänok"

10:2316.02.2018
0
4579

14-nji fewralda Täjigistanyň «Hujand» futbol toparynyň resmi saýtynda Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda baş tälimçileriň žurnalistleriň sowallaryna beren jogaplary ýerleşdirildi. Saýt ilki bilen «Hujandyň» baş tälimçisi Rustam Hojaýew bilen bolan sowal-jogaplara ünsi çekýär.

— Siz duşuşyga nähili baha berýärsiňiz? Toparyň ýaryşy dowam etdirmek üçin mümkinçilikleri nähili?

— Men ýene bir gezek gadyrly myhmansöýerlik üçin siziň ýurduňyza hoşallyk bildirýärin, bärde hemme zat örän ajaýyp boldy. Oýun barada aýtmaly bolsa, ilkinji nobatda, biziň toparymyzyň halkara tejribesiniň ýeterlik däldigini ýatdan çykarmaly däl. Iň bolmanda toparymyzda milli ýygyndyda tejribe toplan futbolçylaryň käbiri bar. Biziň futbolçylarymyz birinji ýarymda öz oýnuny tapyp bilmedi. Şeýlelikde, ýer eýeleri hasaby hem birinji ýarymda açdy. Ýöne ikinji ýarymda öz oýnumyzy tapdyk diýip bilerin, bu bolsa garşydaşyň hüjümlerini serpikdirip, özümize-de howply urgulary geçirmäge mümkinçilik berdi. Ýöne hasaby üýtgetmek başartmady. Men entek hiç zat gorkuly däl diýip pikir edýärin, öňde öz meýdanymyzda geçiriljek jogap duşuşygy bar.

— Ikinji ýarymda bir bada iki oýunçyny çalyşmagyňyz bilen, toparyňyzda oýnuň derejesi ýokary galdy. Bu oýunçy çalşygy barada näme aýdyp bilersiňiz?

— Oýunçy çalşyklary oýundaky howany üýtgetmek, oýny güýçlendirmek üçin geçirilýär. Hakykatdan-da, biz bu çalşyk bilen oýny güýçlendirmegi, onuň gidişini öz elimize almagy meýilleşdirdik. Ol azda-kände bolsa-da miwesini berdi.

— «Ahalyň» oýnuna nähili baha berýärsiňiz?

— Biziň tälimçilerimiz toparymyz garşydaşymyzy assa-ýuwaş tanap başlady. «Ahal» duşuşykda üstün oýnady, esasan hem, birinji ýarymda paýhaslylyk we ussatlyk bilen geçirilen hüjümler kändi. Biz munuň şeýle boljakdygyna garaşdyk hem. Eýýäm olaryň oýun başlandan biziň derwezämiziň agzynda howply hüjümleri döredip başladylar. Men «Ahala» gowy topar we gowy garşydaş hökmünde baha berýärin. Bu gün topar janköýerleriniň goldawyny hem aňryýany bilen aldy. Edil şonuň ýaly, jogap duşuşygynda biz hem janköýerlerimiziň goldawy bilen garaşýan netijämizi alarys diýip umyt edýäris.

— 11 metrlik jerime urgusy barada pikiriňiz barmy?

— Men ol pursatyň wideoýazgysyny entek göremok. Jerime urgusynyň hakly ýa nähak berlendigini diňe ýazgyny görünimden soň aýdyp bilerin. Eger emin jerime beren bolsa, diýmek, ýonuň düzgüni bozulandyr. Häzir men duşuşygyň eminleri hakda hiç zat aýtmak islemeýärin.

— Sowallarymyza beren jogaplaryňyz üçin, sag boluň! Topara üstünlik arzuw edýäris!

— Siz hem sag boluň! «Ahal» toparyny gazanan ýeňşi bilen gutlaýaryn. Biz size Hujandda garaşýarys.

«Ahal» futbol toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň žurnalistleriň sowalyna beren jogaby:

— Toparyň öz öňünde goýan maksadyna ýetjekdigine biz duşuşygyň başynda hem ynanýardyk. Ähli zat meýilleşdirilişi ýaly gitdi, diňe dörän pursatlardan peýdalanmak ýetmezçilik etdi. Ikinji ýarymda oýun biraz gowşady. Munuňam sebäbini toparyň entek hem 100 göterim taýýar däldigi bilen düşündirip bilerin. Ikinji ýarymda goragda boşluklary döretdik, hernä, garşydaş topar  bu pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Eger öz toparymyň oýnuna baha bermeli bolsam, toparyň ikinji ýarymdaky säwliklerini düzetmeli diýip pikir edýärin. Jogap duşuşygyna çenli biz olaryň üstünde türgenleşeris. Futbolda 1:0 hasaby entek hiç zady kesgitlänok, biizň jogap duşuşygyna has ykjam taýýarlanmagymyz gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň