Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamasynyň täze tapgyry badalga alýar

09:4616.02.2018
0
1836

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Aşgabat häzirki zaman uly şäherine öwrülmek bilen, sebitde we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň baş şäherini nobatdaky täze desgalar bezär. Milli Liderimiziň gol çeken degişli kararlaryna laýyklykda, olaryň taslamasyny düzmek we gurmak Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy—“Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.

Geljekki täze desgalaryň hatarynda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy hem-de kaşaň myhmanhana bar. Olar Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlar. Bu täsin desgalar Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan paýtagtymyzyň özboluşly ýüzüne öwrüler. Şäheriň şol böleginde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň edara binalary gurlar. Olar bu ýerde kemala gelýän binagärlik toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döreder.

Ýene-de bir täze desga, ýurdumyzda bellenip geçilýän döwlet derejesindäki çäreleri ýokary derejede guramak üçin niýetlenen Hökümet münberidir. Ol şäheriň ajaýyp künjeginde, Köpetdag şaýolunyň ugrunda gurlar. Şol ýerden ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp görnüşi açylýar.

Paýtagtymyzy gurmagyň konsepsiýasynyň, hususan-da, onuň 16-njy nobatdakysynyň esasyny şeýle içgin we toplumlaýyn çemeleşme düzýär. Döwlet Baştutanymyz onuň taslamalary bilen geçen aýda bolan tanyşdyryş dabarasynyň barşynda tanyşdy. Degişli Baş meýilnamada 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onusyny hem-de 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýokary amatlykly jaýlarda üç otagly öýleriň 442-si, dört otagly öýleriň 382-si hem-de bäş otagly öýleriň 184-si ýerleşer. Olar jemi 1008 hojalyga niýetlenendir.

Büzmeýin etrabynda  dört gatly 32 öýli jaýlaryň 35-si, 160 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, köpugurly söwda merkezi gurlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýaşaýyş maksatly desgalaryň taslamalary düzülende we gurlanda halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselesine uly ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda onuň düzüminiň üsti 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi ýetirer. Bu desga döwlet Baştutanymyzyň geçen aýyň başynda gol çeken kararyna laýyklykda, Aşgabatda gurlar. Şunuň bilen birlikde, şypahana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şuňa laýyklykda, täze şypahanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň