Archive news

Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň finalçylary kesgitlenildi

09:3816.02.2018
0
6321
Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň finalçylary kesgitlenildi

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde dowam edýän Türkmenistanyň boks boýunça çempionatynyň çäklerinde ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ýurdumyzyň güýçli boksçylary finala çykmak ugrunda bäsleşdiler, bu gün ýeňilenler bolsa, üçünji orunlar hem-de bürünç medallary bilen oňmaly boldular. Ringde duşuşyklaryň ähmiýetini nazara alanyňda, olar özüne çekiji bolup, köpsanly tomaşaçylarda hem-de ýaryşlaryň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda 48 kilogramda Gülşat Poladowa we Şährizada Merdanowa, 54 kilogramda Çemen Durdyklyçewa we Selbi Kuwuşewa Türkmenistanyň çempionatynyň finalçylary boldular.

Zenanlaryň arasynda göreşler tamamlanandan soň, ýaryşa gatnaşyjylara hem-de tomaşaçylara ýaryşlaryň hormatly myhmanlary— höwesjeň halkara boksçylaryň assosiasiýasynyň wise-prezidenti we Aziýa boks konfederasiýasynyň prezidenti Serik Konakbaýew, ýokary derejeli boksyň ýyldyzlary—WBA-nyň we IBF-niň çempiony Denis Lebedew, Olimpiýa çempiony Oleg Saitow, şeýle hem meşhur türgen we artist, garyşyk başa-baş söweşler boýunça 1995-nji ýylyň dünýä çempiony Oleg Taktarow gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Çykyş edenler ýaryşlaryň geçirilişleriniň ýokary derejesini, olaryň guramaçylygyny hem-de türgenleriň uly yhlasyny bellediler.

Soňra duşuşyklar erkekleriň arasynda dowam etdi. 49 kilogramda Begenç Annageldiýew we Jabar Meleýew, 52 kilogramda Mergen Meläýew, 56 kilogramda Begenç Alimow we Ýakup Meredow, 60 kilogramda Hursend Imankulyýew we Ýazmyrat Gurbanow, 64 kilogramda Togrulbek Pazzyýew we Muhammet Berdibaýew, 69 kilogramda Serdar Amangeldiýew we Timur Täjimow, 75 kilogramda Nursähet Pazzyýew we Aziz Açylow, 81 kilogramda Nurýagdy Nurýagdyýew, Ustabek Samandarow final tutluşygyna çykmaga hukuk gazandy.

Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýarym finallarynyň agşamyny örän abraýly agram derejelerinde—agyr we ýokary agram derejelerindäki duşuşyklar tamamlady.

91 kilograma çenli bolan türgenleriň ilkinji duşuşygy tutuş ýaryşda iň tiz tamamlanan duşuşyk boldy. Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän Aslanbek Açilowa garşydaşyny nokdauna ýetirmek üçin 20-30 sekunt gerek boldy, şondan soň, balkanly boksçy Meýlis Ýeşmiýewiň sekundantlary duşuşygy tamamlamak kararyna geldiler.

Agyr agram derejesindäki ikinji ýarym finalda ýaryş deňeçer diýen ýaly boldy. Lebap welaýatynyň toparyndan Şöhrat Hojanepesow hüjüm etdi, aşgabatly Armen Pogosýan bolsa garşydaş hüjümler bilen jogap berip, goranyş häsiýetli usuly saýlap aldy. Boksçylaryň ikisi hem seresaplylyk bilen hereket etdi, çünki şeýle agramda goýberilen ýekeje urgy duşuşygyň ykbalyny çözüp biljekdi. Eminleriň beren agdyklyk eden utugyna Ş.Hojanepesow mynasyp boldy.

91 kilogramdan ýokary has agyr derejede birinji ýarym finalda ýurdumyzyň häzirki çempiony Lebapdan Şöhrat Pirimanow hem-de aşgabatly Baky Toýçyýew duşuşdylar. Birinji raund çempionyň uly bolmadyk artykmaçlygy bilen geçdi. Ikinji raundda onuň garşydaşy birnäçe hüjümleri geçirmegi başardy, emma çynlakaý urgulara çenli ýetmedi, ýöne, duşuşygyň barşyny üýtgetmäge mümkinçilik berdi. Netijede, eminler ýeňşi B.Toýçyýewe berdiler.

Ikinji ýarym final kuwwatlylygyň we ykjamlylygyň duşuşygyna öwrüldi hem-de Atajan Nurgeldiýewiň garşydaşy Tejen Hommadowy nokdauna salmagyndan başlandy. Olaryň ikisi hem Aşgabatdan. T.Hommadow urgudan açylyp, öz ykjamlygyndan peýdalandy hem-de garşydaşyna ençeme urgulary urdy, ýöne ýene-de bir güýçli urgyny özüne goýberip, duşuşygy dowam etmegi başarmady. Tehniki nokaund bilen ýeňiş A.Nurgeldiýewe degişli boldy.

Boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň