Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" ýoldaşlyk duşuşygynda Daniýanyň toparyny ýeňdi

12:2015.02.2018
0
4327

Öňümizdäki möwsüme Türkiýäniň Antalýa şäherinde taýýarlyk görýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Paýtagtymyzyň topary Antalýa şäheriniň Lara etrabynyň “Mirakl” myhmanhanasynyň futbol meýdanynda Daniýanyň ýokary ligasynyň wekili “Helsingor” toparynyň garşysyna geçiren duşuşygynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparymyza ýeňiş getiren toplary Altymyrat Annadurdyýew bilen Murat Ýakşiýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Mundan ozal Russiýanyň futbol çempionatynyň birinji ligasynyň wekili “Olimpýes” bilen duşuşan "aragatnaşykçylar" ol duşuşykda hem üstün çykypdylar.

 “Altyn Asyr” topary öňümizdäki möwsüme AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklary bilen başlar.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň