Aşgabatda telekeçileriň işewürlik merkezi, Owadandepede aýna kärhanasy açyldy

07:1515.02.2018
0
17756

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda desgalaryň iri toplumynyň – edara binalaryny we söwda merkezlerini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi, Ahal welaýatynda bolsa aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň açylyşy boldy.

Täze işewürlik toplumy Aşgabat şäheriniň demirgazygynda, abadanlaşdyrylan G.Kulyýew köçesiniň ugrunda guruldy, bu köçäniň iki tarapynda hem kaşaň, häzirkizaman düzümleri bolan işewürlik merkezleri peýda boldy.

Olaryň gurulmagy üçin umumy meýdany 69 gektara deň bolan ýer bölegi milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bölünip berildi. TSTB-si bu taslama 1 milliard manat maýa goýumyny gönükdirip, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan ýüze golaý binany ulanmaga bermäge doly taýýarlady.

Täze binalar oňaýly ýerleşdirilişi bilen tapawutlanýar. Enjamlaşdyrmagyň halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Işewürlik merkezleri hökmünde hereket etmeginden başga-da, şeýle edaralar toplumy şähergurluşygynda uly ähmiýetli binagärlik derejesine eýedir.

Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Owadandepe obasynda “Türkmen aýna önümleri” häzirki zaman kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

2015-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen bu taslama Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkiýäniň “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze toplumyň eýeleýän meýdany 24 gektara barabar bolup, onda önümçilik bölümlerinden başga-da, edara ediş binasy, 48 maşgala niýetlenen iki sany ýaşaýyş jaýy, 400 orunlyk iki umumyýaşaýyş jaýy, çagalar we sport meýdançasy, şeýle hem toplumyň desgalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmäge niýetlenen inženerçilik-tehniki düzüm bar.

Täze senagat toplumynda Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Finlýandiýanyň tehnologiýa enjamlary ornaşdyryldy. Degişli hünärmenler taýýarlandy.

Bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa, 400 müň inedördül metrini öndürmek göz öňünde tutulýar. Önümleriň hemmesi ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň 15 görnüşini çykarmak ýola goýuldy. Bu önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara eksporta iberiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň