Archive news

Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara dalaşgärleri bellige almak dowam edýär

01:5015.02.2018
0
1349
Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara dalaşgärleri bellige almak dowam edýär

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär.

Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary getirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda halka wekilçilik etmek üçin has mynasyp adamlar hödürlenilýär. Dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri bar.

Degişli saýlaw toparlarynda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär. Ozal habar berlişi ýaly, milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek 24-nji ýanwarda başlandy, olar 27-nji fewrala çenli bellige alnar.

Dalaşgärleri bellige almak tamamlanandan soňra metbugatda olaryň sanawy çap ediler hem-de wagyz etmek işleri başlanar. Saýlaw toparlary degişli häkimiýet edaralary, kärhanalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary ýygnaklary hem-de saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklaryny guramak boýunça bilelikde iş geçirer. Ähli dalaşgärlere şol duşuşyklaryň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýurdumyzy ösdürmegiň iri möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly öz tekliplerini beýan etmäge deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe dalaşgär hödürlenilýär, munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine doly kybap gelýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä halkara we milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň aýanlygyna hem-de berk kanunçylyga laýyklykda guralmagyna kömek eder.

Şu güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de birleşiklerinden we raýatlar toparlaryndan 2963 synçy bellige alyndy. Olaryň hemmesine degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň