Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň gurluşygy tamamlandy

23:2114.02.2018
0
12715

Ol “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksanamasynyň” çäklerinde gurlan raýat awiasiýasynyň halkara derejeli ýerüsti infrastruktura binalarynyň üçünjisidir. Maksatnama laýyklykda, Aşgabatda we sebitlerde howa gämileriniň duralgalary ulanylmaga berilýär we gurulýar, hereket edýän aeroportlaryň, terminallaryň, infrastruktura binalarynyň durky täzelenýär. 

Gündogar sebitiň administratiw merkeziniň täze awiaulag toplumyny “Gündogdy” hojalyk jemgyýeti bina etdi, ol şäherden 13 kilometr uzaklykda Aşgabat-Türkmenabat gara ýolunyň we Aşgabat-Kerki demir ýolunyň golaýynda ýerleşýär. Şeýlelikde, Lebap welaýatynda iri ulag ulgamy kemala geldi, ol sebitiň ilatyna hyzmatyň derejesini has-da ýokarlandyrar hem-de halkara we ýerli ugurlarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder. 

Täze aeroport toplumy sagatda 500 ýolagça hyzmat eder. Bu ýerde uçara garaşyp oturmak, petegi hasaba almak we uçara münmek üçin amaly şertler döredilipdir. Teleskopik traplar, maglumatlar tablosy, halkara aragtanaşyk nokatlary, el-goş saklanýan kameralar, poçta, amatly kafeteriler, bufetler, paçsyz söwda dükanlary, CIP-zal ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. 

Uçara garaşýan ýolagçylara niýetlenen zallar oňaýly mebeller, käýerlerde ykjam telefonalra tok bermek üçin elektrik tokdürtgüçli eplenýän kürsüler bilen üpjün edilen. Türkmenabadyň tutuş aerodrom toplumy ýaly ýolagçylar terminaly hem funksional mümkinçiligi boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Bu ýerde çagaly eneler üçin otaglar, çagalar üçin oýunlar meýdançalary, ilkinji lukmançylyk kömegi otaglary, gazet-žurnal we bölek satuw kiosklary, petek kassalary, dermanhana göz öňünde tutulan. 

Eskalatorlardyr liftler üç gatly bina münüp-düşmek üçin amatlydyr. Uçarlaryň gonýan we uçýan zolaklarynyň dürli gatlarda ýerleşmegi netijesinde ýolagçylar akymy bir-birine gabat gelmeýär. Teleskopik traplar bilen ýolagçylar göni howa gämisine düşýärler. 

Uzynlygy 3800 we ini 65 metr bolan täze uçuş-gonuş zolagy uçuşy üpjün etmegiň döwrebap ýerüsti serişdeleri- yşyksignal we meteorologiýa ulgamlary, uçarlaryň ähli görnüşlerine hyzmat etmäge mümkinçilik berýän IKAO-nyň ikinji derejeli gonuş ulgamy bilen üpjün edilendir. Toplumyň düzüminde howa hereketini dolandyryş diňi, badalga dispetçer nokatlary bar, ýewropa kompaniýalarynyň önümi bolan gonuş ulgamlary, yşyksignal we aeronawigasiýa, radiotehniki enjamlar goýlan, şeýle hem awiasiýa-tehniki binýadyň edara jaýlary, dürli tehniki gulluklar, ýylda 200 müň tonna ýüki işlemäge niýetlenen ammar jaýlary bolan ýük terminaly, uçarlaryň ekipažlary üçin myhmanhana we beýleki binalaryň onlarçasy bar. 

Merkezileşdirilen ýangyç guýujy beket birbada uçarlaryň birnäçesine hyzmat etmäge mümkinçilik berýär, döwrebap aerodrom tehnikasy satyn alyndy, uçarlaryň ýöreýän ýollary, howa gämileriniň durýan ýerleri we perron guruldy. Türkmenabatda täze halkara aeroportunyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň awiasiýasynyň mundan beýlägem sazlaşykly ösmegine, özara peýdaly söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň, syýahatçylygyň işjeňleşmegine, ýudumyzyň dünýähojalyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň