Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak işleri geçiriler

21:4212.02.2018
0
5174

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

“Türkmennebit” döwlet konsernine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişldeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan işleri ýerine ýetirmegiň Tertibini işläp taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşyp tassyklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň