Soňky habarlar

Arhiw

"Hujand" Balkanabatda türgenleşýär

12:1412.02.2018
0
4353

AFK-nyň kubogynyň pleý-off tapgyrynda “Ahal” bilen duşuşýan täjikleriň “Hujand” topary Balkanabat şäherine geldi. “Nebitçi” myhmanhanasynda ýerleşen täjikleriň topary duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan “Sport toplumy” stadionyndaky ilkinji türgenleşigini geçirdi — diýip, TFF-niň resmi saýty habar berdi.

"Ahal" hem eýýäm birnäçe gün bäri türgenleşiklerini Balkanabatda dowam etdirýär. Topar myhmanhana hökmünde bolsa Mollagara şypahansyny saýlap aldy.

“Ahal” bilen “Hujandyň” arasyndaky birinji duşuşyk 13-nji fewralda Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda, jogap duşuşygy bolsa 20-nji fewralda bolsa Hujand şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň