«Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti Gazagystanda geçiriljek halkara sergide dokma önümlerini görkezer

11:3612.02.2018
0
4372

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän akril ýüplüginden palaslar, düşekçeler hojalyklarda, edara binalarda giňden ulanylýar. Ýurdumyzda haly we palas önümlerini öndürip, uly meşhurlyga eýe bolan “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hojalyk jemgyýetini çig mal bilen üpjün edýär. Dürli ölçeglerde, nagyşly hem-de reňkli görnüşlerde bolan palaslardyr düşekçeleriň bahalarynyň elýeterli bolmagy, olara bolan islegi artdyrýar.

Hojalyk jemgyýeti ýakyn günlerde Gazagystanda geçiriljek halkara sergä öz öndürýän önümleri bilen gatnaşmagy maksat edinýär. Munuň özi ýokary hilli, importuň ornuny tutýan önümleriň daşarky bazara çykmagyna-da giň mümkinçilikleri döreder. Bu barada "Rysgal" gazeti habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň