Soňky habarlar

Arhiw

«Özi» — «Parahat» hususy kärhanasynyň täze miweli içgisi

11:3012.02.2018
0
4419

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Parahat” hususy kärhanasy süýji tagamly, ekologiýa taýdan arassa alkogolsyz içgileri öndürmekde baý tejribe toplap, bu gün halkymyzy täze önümçiligi bilen begendirdi. “Özi” haryt nyşanly, bereketli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän datly miwelerden taýýarlanylan bu alkogolsyz içgi ýakyn günlerde ýurdumyzyň söwda nokatlarynda peýda bolar. Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän çüýşe gaplara gaplanan täze önüm owadan harytlyk görnüşi bilen saçaklarymyza bezeg berer, ol özüniň süýji tagamy bilen bolsa, teşneligimizi gandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň