"Şawat" ýanwar aýynda 2 tonna golaý mesge öndürdi

11:2412.02.2018
0
2574

«Ýüpek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän süýt-gatyk önümlerine, hususan-da, mesge ýaglaryna bolan islegler barha artýar. Kärhanada häzirki wagtda mesge ýagynyň 72,5 hem-de 82,5 göterim ýaglylygy bolan görnüşleri öndürilýär. Geçen aýda olaryň degişlilikde 1 tonna 150 kilogramy hem-de 500 kilogramy (3300 gaby) öndürildi. Şu aýda 72,5 göterim ýaglylygy bolan mesgäniň 2 tonnasyny, şeýle-de, 82,5 göterim ýaglylygy bolan mesgäniň 1 tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň