Soňky habarlar

Arhiw

«Rowaç» arassaçylyk serişdeleri amatly we elýeterli

11:1312.02.2018
0
4749

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň III önümçilik bazasynda ýerleşýän telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhana «Rowaç» nyşany bilen arassaçylyk serişdelerini öndürýär. 2016-njy ýyldan bäri işleýän hususy kärhana häzirki ýerleşýän ýerine täzelikde göçüp geldi — diýlip, "Biznes-Reklama" gazetinde habar berilýär.

         Bu ýerde çygly el süpürgiçleriň «Gül», «Bagt», «Tebigat» we «Dagly derýa» ýaly 9, şeýle hem «Orhideýa», «Rowaç» atly çygly kiçi el süpürgiçleriň 2 görnüşi öndürilýär. Gaplardaky çygly süpürgiçler 15, 100 we 120 sany bilen tapawutlanýar. Şeýle-de «Aýla» atly aşhana we hajathana süpürgiçleri bar. «Rowaç» kagyz salfetkalaryna köp ýerde gabat gelip bolýar.

         Hususy kärhanada her aýda uly çygly süpürgiçlerden 180-200 müň, uly aşhana kagyzyndan 300-350 müň, kiçi aşhana we hajathana kagyzyndan 50-70 müň aralygynda öndürilýär. Bu ugurda 20 töweregi hünärmen zähmet çekýär.

         Kärhanada ýene-de bir seh gurup, azyk önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Işdä kämilleşmek üçin kärhananyň hünärmenleri Italiýada, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda bolup, önümi ýokary hilli öndürmegiň inçe tilsimlerini öwrenýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň