Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Howa Güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

23:5911.02.2018
0
4347
Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Howa Güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow howa hüjüminden goranyşyň wagtlaýyn okuw meýdançasyna gelip, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Ir säherde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şturwalyň başynda täze söweşjeň ulagy howada özi synagdan geçirip, dikuçarda bellenen ýere geldi, soňra bolsa ýörite ulagyň başyna geçip, ýakyn ýerlerdäki töwereklere aýlandy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew şahsy düzümiň hem-de täze harby we ýörite tehnikalaryň nusgalaryny gözden geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy. Bu tehnikalaryň her bir görnüşi ýokary söweşjeň häsiýetlere eýe bolup, ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň kepili bolup durýar. Yzygiderli geçirilýän taktiki okuwlaryň barşynda harby gullukçylaryň häzirki zaman söweş ýaraglaryny dolandyrmakdaky ukyplaryna aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Gözden geçirmegiň barşynda milli Liderimiz harby ulgama degişli köpugurly ulag serişdesiniň täze nusgasyny—ýolsuz ýerlerde ulanylýan ulagy ýokary tizlikli häsiýetleri, bat alyp bilşi hem-de özboluşly aýratynlyklary boýunça örän çylşyrymly çarkandakly ýerlerde synag etdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň