Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyryň" AFK-nyň kubogyndaky garşydaşy AFK-a 20 futbolçynyň sanawyny berdi

22:4509.02.2018
0
1943

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň Afk-nyň kubogyndaky topardaşy — Gyrgyzystanyň çempiony «Alaý» futbol topary Aziýanyň futbol konfederasiýasyna 20 futbolçynyň sanawyny berdi. Bu futbolçylar AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Alaýyň» düzüminde çykyş eder.

AFK-a berlen düzümde dört sany daşary ýurtly futbolçy bar. Olaryň biri Täjigistandan, biri Gwineýadan, biri Owganystandan, dördünji bolsa Gana Respublikasynyň raýaty.

«Alaý» yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny türkmen futbolçylary bilen geçiriler. 7-nji martdaky şol duşuşyk Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň A.Suýumbaýew adyndaky stadionynda bolar. Toparlar ikinji gezek 2-nji maýda Balkanabat şäherinde duşuşarlar.

Eger saýlama tapgyrdan «Ahal» ýeňiji bolup çyksa, «Alaý» bilen 14-nji martda Balkanabatda, 16-njy maýda Oş şäherinde (Gyrgyzystan) duşuşar.     

«Alaý» futbol toparynyň AFK-a beren sanawy:

Derwezeçiler: Abduaziz Mahkamow (Täjigistan), Bekbolot Akmataliýew, Abdulnur Mamytow. 

Goragçylar: Ilýaz Alimow, Şuhrat Rahmanow, Nursultan Atamurzoýew, Tahir Awçiýew, Akramžon Umarow, Ulugbek Ryskulow, E.Maşirapow, Arslan Gogoladze.

​Ýarym goragçylar: Şohmurad Mansurow, Abror Kydyraliýew, Odilžon Abdurahmonow, Aldiýar Kabylbekow, Abduraşid Saýdrahmonow. 

Hüjümçiler: Alia Silla (Gwineýa), Maksat Alimow, Amiruddin Şarifi (Owganystan), Kožo Joýel (Gana).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň