Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenistan: Sport" teleýaýlymy ýene-de Ýewropanyň iri ligalaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda görkezip başlar

16:0909.02.2018
0
23379

"Türkmenistan: Sport" teleýaýlymy futbol janköýerlerine ajaýyp sowgat taýýarlady. Irlanidanyň "Setanta: sport" teleýaýlymy bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşan türkmen ýaýlymy futbolyň muşdaklaryna dünýäniň iň gyzykly duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezip başlar. Janköýerler eýýäm şu hepdäniň dynç günlerinde Ispaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklaryň birnäçesine tomaşa edip bilerler.

"Setanta: sportuň" mümkinçilikleri diňe bu çempionatlar bilen tamamlanmaýar. Ýokarda agzanlarymyzdan başga-da, Angliýanyň kubok ýaryşy, Şotlandiýanyň çempionaty, ABŞ-nyň hokkeý we basketbol ligalary, Ýewropa döwletlerine wekilçilik edýän milli ýygyndylaryň saýlama duşuşyklary hem bu ýaýlym arkaly türkmenistanly futbol janköýerlerine elýeterli ediler.

Janköýerler söýgüli klublarynyň duşuşyklaryna milli ýaýlymymyz arkaly türkmen dilinde edil şu hepdäniň özünde tomaşa edip bilerler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň