Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň "Buhara" futbol toparynyň düzümine goşuldy

16:0209.02.2018
0
11591

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany, ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow bir ýyl arakesmeden soňra, karýerasyny ýene-de daşary ýurt ligalarynda, has takygy, Özbegistanda dowam eder. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty 28 ýaşly tejribeli ýarym goragçynyň topar bilen ýakynda ylalaşyga gelendigini habar berdi.

Arslanmyrat Amanow tff.com.tm saýtyna beren interwýusynda toparyň baş tälimçisi Ulugbek Bakaýewiň özüni toparynda görmek isländigini aýtdy. Türkmenistanly futbolçy bu tälimçi bilen Gazagystanyň "Yrtyşynda" çykyş edýän wagty bilelikde işläpdi.  "Buhara" Özbegistanyň çempionatynyň iň ýokary ligasyny geçen ýyl 6-njy orunda tamamlady. Şu wagt toparyň düzüminde Arslanmyrat Amanowdan başga-da iki sany legioner bar.

"Buhara" düzümine türkmenistanly ýarym goragçy goşulandan soň, bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Başga bir ildeşimiz Artur Geworkýanyň wekilçilik edýän topary "Gyzylgum" bilen geçirilen şol duşuşyk "Buharanyň" 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Gollaryň ikisiniň hem pasyny türkmenistanly ýarym goragçy berdi.

Özbegistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine 1-nji martda badalga berler. Oňa çenli "Buhara" ýene-de iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň