Soňky habarlar

Arhiw

Moskwadaky "Aşgabat" kinoteatry ýene-de işläp başlady

15:2509.02.2018
0
19287

Moskwa şäherindäki "Aşgabat" kinoteatrynyň işi 2012-nji ýylda togtadylypdy. Geçirilen düýpli abatlaýyş işlerinden soňra, kinoteatr jadyly sungatyň muşdaklaryny ýene-de kabul edip başlady. Abatlaýyş işlerinde döwrebap dizaýna esasy üns berildi. Indi köne kinoteatr täze keşbe girdi we onuň mümkinçilikleri artdy.

Binada panorama penjiresi kinosöýüjileri sungatyň jadyly dünýäsine alyp gidýär. Şol bir wagtyň özünde abatlaýyş işleri geçirilen geçen asyryň 70-nji ýyllarynda gurlan kinoteatryň taryhy keşbi saklanyp galyndy. Binanyň birinji gatynda söwda merkezi, restoranlar, kafe we beýleki hyzmat ediş we söwda bölümleri bar. Kino zaly bolsa ikinji gatda ýerleşýär. Onda 102 tomaşaçy bir wagtyň özünde filmlere tomaşa edip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň