Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň täze ilçisini kabul etdi

22:1208.02.2018
0
3251

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azar Abul Hasan Hany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Günorta Aziýa döwletleri, aýratyn-da, sebit möçberdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş bolan Hindistan bilen däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän täze hile eýe bolýandygyny we onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşine, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, dostlugyň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň köprüsine öwrüler.

Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara türkmen-hindi toparyna möhüm ähmiýet berilýändigini, şeýle hem deňhukuklylyk we özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde esasy orun eýeleýän dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygilerli dowam etdirilmelidigini nygtadylar.

Energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlardaky tagallalaryň utgaşdyrylmagy wajyp bolup durýar. Türkmenistan bu babatda ýük daşamak üçin has amatly ugurlary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugur bolmagynda galýar. Yzygiderli esasda Medeniýet günleriniň geçirilmegi, wekiliýetleri alyşmak, ylmy we döredijilik maslahatlary hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýär.

Ýoga we adaty lukmançylyk merkezleriniň açylmagy, şeýle hem hindi halkynyň ruhy ýolbaşçysy hasaplanylýan Mahatma Gandiniň Aşgabatda ýadygärliginiň oturdylmagy iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny has aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ilçi türkmen-hindi gatnaşyklary meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Jenap Azar Abul Hasan Han ählumumy gyzyklanmalara laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň