Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Kiprli kardeşi Nikos Anastasiadisi saýlawdaky ýeňşi bilen gutlady

10:1908.02.2018
0
3311

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikos Anastasiadisе onuň Kipr Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Kipr Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň