Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

10:0608.02.2018
0
8738

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze zaman diýen simwoliki ada eýe bolan hem-de paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşen ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Şu gün bu ýerde iki we bir gatly jaýlaryň 1 müň 152-si ulanmaga berildi. Bulardan başga-da, 179,85 gektar meýdany eýeleýän bu tapgyryň täze binalarynyň hatarynda 600 okuwçy orunlyk orta mekdep, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany bar.

Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Şeýle hem degişli ýol-ulag we inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutuldy. Ähli işler ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.

Ýeri gelende ýatlasak, Täze zaman ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji toplumy 2014-nji ýylda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açyldy. Soňra onuň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köpsanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalar bina edildi, birnäçe seýilgäh zolaklary guruldy. Ine, bu gün bolsa bu ýerde nobatdaky täze jaý toýlary tutulýar.

Bu ýerde hakyky türkmen toýuna mahsus bolan myhmansöýerlik hem-de däbe öwrülen hödür-kerem etmek ýaly dessurlara beslenen dabara ýaýbaňlandy. Ähli ýerde ajaýyp aýdymlardyr sazlar ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär, türgenler sportuň dürli görnüşlerinde öz ussatlyklaryny görkezýärler. Elbetde, bu gün baýramçylyga milli oýunlar hem öz öwüşginini çaýdy.

Täze zamany gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde birnäçe görnüşdäki ýaşaýyş jaýlary: 5 otagly 2 gatly jaýlaryň 168-si hem-de 1 gatly jaýlaryň 284-si, 4 otagly, 1 gatly jaýlaryň 284-si hem-de 3 otagly jaýlaryň 416-sy bina edildi. Olaryň hemmesinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar, şol sanda giň otaglar, zerur bolan aşhana, durmuş tehnikalary we beýleki zatlar göz öňünde tutuldy. Her jaýyň mellek ýeri bolup, olar ekin we agaç nahallaryny oturtmak üçin niýetlenendir, şeýle hem awtoulag üçin ýer hem-de çörek bişirmek üçin tamdyr göz öňünde tutuldy.

Bu gün Türkmenistanyň Prezidenti iki gatly jaýlaryň birine baryp gördi. Bu ajaýyp 5 otagly kottej jaý “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk paýdarlar jemgyýetiniň awiatehnigi bolup işleýän Mergen Hojamämmedowyň maşgalasyna nesip etdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkezde anesteziolog – reanimatolog bolup işleýän lukman Nurmuhammet Nazarowyň maşgalasynyň göçüp gelen jaýyna hem baryp gördi. 

Bu gün Täze zamanda körpeler üçin çagalar baglarynyň ikisi gapylaryny giňden açdy, olarda çagalaryň sazlaşykly ösmegi hem-de wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Başlangyç synplara hem-de dürli okuw derslerini okatmaga niýetlenen mekdebiň okuw otaglary interaktiw hem-de beýleki gerekli enjamlar we degişli görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň zähmet dersi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, çagalaryň döredijilige gyzyklanmasyny höweslendirmek üçin hemme zerur zatlar göz öňünde tutulypdyr.

Ýene-de bir möhüm durmuş desgasy - täze enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi bolup, ol 5 müň ilata maşgala ýörelgesi boýunça hyzmat etmäge niýetlenendir. Bu ýerde dünýä ölçeglerine laýyklykda, ähli şertler döredildi. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, zenanlara maslahat beriş, çaganyň irki ösüşi, fiziobejeriş, şeýle hem gündizki hassahana otaglardan ybaratdyr. Bu ýerde amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän lukmançylyk edarasynyň degişli ulgamyny goşmak bilen has oňaýly şertler döredilipdir.

Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde dükan hem gurlup, alyjylara ýokary hilli hem-de islegine laýyk gelýän azyk önümleriniň köp dürli görnüşleri hödürlenilýär. Onuň tekjelerindäki harytlar bereket bolçulygyny alamatlandyrýar: bu ýerde täze süýt we et önümlerini, çörek we çörek önümlerini, süýji-köke hem-de aş önümlerini, gök we miwe önümlerini, miwe suwlary hem-de datly içgileri we beýlekileri almak bolýar.

Ýörite ýer bölegi bölünip berlen seýilgäh zolagyna baryp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde ýaş agaç nahalyny oturdyp, täze ýaşyl zolagyň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly işe dabara gatnaşyjylaryň ählisi hem höwes bilen goşuldylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň