Soňky habarlar

Arhiw

Kristian Karambýo: "Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi — ajaýyp"

21:5807.02.2018
0
11012

Ozal hem habar berşimiz ýaly, futbol boýunça dünýä çempionatynyň kubogy ilkinji gezek Türkmenistana getirildi. Ony «World Cup Trophy Tour» dünýä syýahatynyň ýörite gatnawy boýunça Daşkentden Aşgabada Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen 1998-nji ýylda dünýäniň çempiony, Ýewropa çempionaty — 2000-iň we Konfederasiýalar kubogy — 2001-iň ýeňijisi, Ispaniýanyň Madrid şäheriniň "Realy" bilen UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň iki gezek çempiony bolan dünýä belli ýyldyz Kristian Karambýo getirdi. Ýurdumyza bary-ýogy birnäçe sagatlyk saparynyň dowamynda myhman bilen gysgaça söhbetdeş bolduk.

— "Coca-Colanyň" hemaýatkärliginde geçirilýän dünýä syýahatynyň esasy maksady futbolyň millionlarça muşdagyna FIFA-nyň kubogyny ýakyndan synlap bilmek mümkinçiligini döretmek — diýip, Kristian Karambýo Turkmenportala beren söhbetdeşliginde aýtdy. — Biz millionlarça janköýeriň özüni dünýä çempionatynyň bir parçasy hasaplamagyny gazanmagy maksat edinýäris. Dünýäniň kubogy — her bir futbolçynyň iň uly arzuwlarynyň biri. Şeýle hem bu kubok dünýäniň ähli halklaryny sportuň — futbolyň daşyna jemläp jebisleşdirýär. Şonuň üçin hem bu çäräniň ähmiýeti örän uludyr.

— Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi sizde nähili täsir galdyrdy?

— Ol — örän ajaýyp. Ol döwrebap sport desgalarynyň birnäçesini özünde jemleýär. Siz özüňizde şeýle toplumyň bardygyna guwanyp bilersiňiz.

— Siziň pikiriňizçe, öňümizdäki çempionatda haýsy milli ýygyndylaryň çempion bolmak mümkinçiligi has güýçli?

— Häzir haýsydyr bir milli ýygyndyny aç-açan rüstem topar hökmünde görmeýärin. 2018-nji ýylda dünýäniň çempiony bolmak ugrundaky esasy göreşiň Germaniýanyň, Braziliýanyň, Ispaniýanyň, Argentinanyň we Angliýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçjekdigine ynanýaryn.

— Size-de hünärmenleriň köpüsine berilýän sowaly bermek isleýäris: kim güýçli, Messimi ýa Ronaldo?

— Olaryň ikisi hem ajaýyp futbolçy. Iki hem bäş gezek "Altyn pökgini" gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň