"Dordoýyň" resmi saýtynda turkmenportalda geçirilýän ses berlişik barada habar berildi

18:2607.02.2018
0
6831

Gyrgyzystanyň "Dordoý" futbol toparynyň resmi saýty (www.fc-dordoi.kg) öz resmi saýtynda turkmenportal.com-yň geçirýän ses berlişigi hakyndaky habary ýerleşdirdi. "Amir Gurbany — Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy adyny almaga dalaşgär" diýlen at bilen berlen habarda abraýly web-saýtlaryň biri bolan turkmenportalda geçirilýän ses berlişigiň 15-nji fewrala çenli dowam etdiriljekdigi ýatladylyp, janköýerleri "Dordoýyň" ýarym goragçysyna ses bermäge çagyrýar.

Saýtda rus dilinde ýerleşdirilen habary aşakdaky salgyda dolulygyna okap bilersiňiz:

http://fc-dordoi.kg/novosti/novosti-kluba/amir-gurbani-v-chisle-pretendentov-na-zvanie-luchshego-futbolista-turkmenistana

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň