Soňky habarlar

Arhiw

2017-nji ýylyň iň gowy futbolçysynyň ses berlişigi

09:1706.02.2018
0
20708

Hormatly okyjylar!

«Turkmenportalyň» okyjylarynyň saýlamagy boýunça 2017-nji ýylyň iň gowy futbolçysynyň ses berlişigi yglan edildi.

Türkmen futbolynyň täzeliklerini hemişelik yzarlap, olardan öz okyjylaryny habardar edip durýan saýtymyz, okyjylaryň futbola bolan gyzyklanmasyny has artdyrmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny saýlama üçin ses berlişigi yglan edýär. Şeýlelikde, siziň her biriňiz geçen ýylyň iň gowy türkmenistanly futbolçysyny saýlamaga ses berip bilersiňiz.

Ses bermek üçin şu ýere basyň! 

Ses berlişik 10 gün, ýagny fewral aýynyň 15-ne çenli dowam eder. Siz saýtyň redaksiýasy tarapyndan saýlanylan 20 futbolçynyň içinden iň mynasyp göreniňize ses berip, onuň öňe saýlanmagyna ýardam berip bilersiňiz.

Ses berlişigiň netijesi boýunça iň kän ses alan futbolçy «Turkmenportalyň» okyjylarynyň saýlamagy boýunça 2017-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan ediler.

«Turkmenportal» bu ses berlişigiň ýeňijisi bolan futbolçyny sylaglap, ol bilen giňişleýin söhbetdeşligi meýilleşdirýär.

2017-nji ýylyň iň gowy futbolçysynyň ses berlişigine geçmek üçin şu ýere basyň.

-------------------------------------------

Şeýe-hem sypdyrmaň!

«Turkmenportalyň» okyjylary ýylyň iň gowy futbolçysyny saýladylar

"Türkmenportal" 2015-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny sylaglady

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň