Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysyny kabul etdi

06:5401.02.2018
0
9130

Balkan welaýatyn iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan desgalardaky, şol sanda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygyndaky, şeýle hem Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawod we Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çägindäki utgaşykly nebitgaz elektrik stansiýasynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Türkmenbaşydaky desga sebit we sebitara ähmiýetli örän möhüm üstaşyr hem-de logistika merkezine öwrüler. Şunda häzirki wagtda Bitarap Türkmenistanyň özüniň milli Lideriniň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmek boýunça netijeli çäreleri geçirýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rowaýatlara beslenen bu gadymy ýoluň taryhyna hem-de onuň kemala gelmeginde we işjeň peýdalanylmagynda türkmen halkynyň ornuna bagyşlanan ajaýyp kitabyny bagyşlady.

Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy, ýurdumyzyň bazarynyň özüne çekijiligi bar bolan köpugurly mümkinçilikler, amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeler bilen şeritlendirilendir. Hususan-da, gürrüň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek ýaly möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma barada barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini hem-de möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk holdingiň özüne bildirilýän ynama ýokary baha berýändigini hem-de geljekde hem öz hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine çynlakaý hem jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň