Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň duşuşygynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi

06:0601.02.2018
0
4645

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurnanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Hazaryň kenaryndaky şähere gelen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarowy, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOСAR) maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça, şeýle hem ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Şunda Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işine, şeýle hem işewür düzümleriň ugry boýunça işjeň gatnaşyklara uly orun berilýär.

Özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamy görkezildi. Türkmenistan we Azerbaýjan bu ugurda dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň deňeçer, köpgörnüşli ulgamynyň döredilmegi babatda köpugurly tagalla edýärler. Iki döwletiň çäk taýdan ýerleşişi hem Aziýany we Ýewropany birikdirýän we ýükleri daşamakda amatly ugurlary üpjün edýän ähli zerur logistika düzümleri bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilýär. Bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär.

Şunuň bilen birlikde däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda, türkmen-azerbaýjan dostlugyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmegiň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklar üýtgewsiz okgunly häsiýete eýedir. Yzygiderli ýagdaýda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň abraýly halkara guramalarynyň – BMG-niň, EHHG-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen umumy tagallalara uly goşant goşýandyklary bellenildi. Hazar sebtinde goňşy bolan iki ýurduň bu sebitiň Ýewraziýada durnuklylygyň ygtybarly merkezine, uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülmeginiň tarapdarlary hökmünde çykyş edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy netijeli söhbetdeşlik hem-de döwlet Baştutanymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň