Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatda birinji ýarym "Ahalyň" üstünligi bilen tamamlandy

16:0430.01.2018
0
4239

Balkanabat şäherinde dowam eden "Ahal" — "Dordoý" duşuşygynyň birinji ýarymy türkmen futbolçylarynyň üstünligi bilen tamamlandy. Duşuşygyň 40-njy minudynda myhman toparyň goragçylary jerime meýdançasynda "Ahalyň" ýarym goragçysy Guwanç Abylowy ýykdylar. Eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny bolsa kapitan Didar Hajyýew dürs ýerine ýetirip, hasaby biziň toparymyzyň peýdasyna 1:0-a çykardy.

Häzirki wagtda ikinji ýarymy dowam edýän jogap duşuşygynda indi umumy hasap 4:1. Bu bolsa "Ahaly" 13-nji fewralda "Hujand" bilen boljak duşuşyga has ýakynlaşdyrýar. Mundan soň, myhmanlar indiki tapgyra geçmek üçin "Ahalyň" derwezesinden jogapsyz 4 pökgi geçirmeli bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň