Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Miloş Zemany Çehiýa Respublikasynyň Prezidentilige gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady

23:0529.01.2018
0
4161

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Miloş Zemana onuň Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň