Soňky habarlar

Arhiw

Wajyp duşuşykdan öň metbugat ýygnanyşygy geçirildi

21:5829.01.2018
0
3625

29-njy ýanwarda “Ahal” bilen “Dordoý” toparlarynyň baş tälimçileriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Bu toparlar ertir – 30-njy ýanwarda AFK-nyň kubogy 2018-iň seçip-alyş tapgyrynyň ikinji duşuşygyny geçirerler.

Röwşen Meredow, “Ahal” toparynyň baş tälimçisi:

- Toparymyzyň ýagdaýy örän gowy, biz doly derejede oýna taýýar. Myhmançylykda gazanylan 3:1 hasaby entäk hiç zady çözenok. Diňe ikinji oýun pleý-off tapgyryna çykan topary äşgär eder.

Şu gün oýnuň öňüsyrasy geçirjek türgenleşigimizden soň esasy düzümimizi kesgitläris.

Aleksandr Krestinin, “Dordoý” toparynyň baş tälimçisi:

- Toparymyz ikinji oýna gowy taýýarlyk gördi. Birinji duşuşygy biz görnetin aljyraňňylly ýagdaýda geçirdik. Birinji oýun, möwsümiň başy örän uly jogapkärçiligi öňümizde keserdip goýdy.

- Bu gezek geçenki ýalňyşlyklarymyzy gaýtalamarys. Dogry, ikinji oýunda hem artykmaçlyk örän tejribeli “Ahal” toparynyň tarapynda. Ýöne şu ýagdaýda-da biz hiç-hili kynçylygy görmeýäris. Ertir örän gyzykly oýun bolar.

“Ahal” bilen “Dordoýyň” arasyndaky duşuşyk ertir 15:00-da Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçiriler. Bir hepde mundan öň Bişkek şäherinde geçirilen birinji duşuşyk 3:1 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň