"Hujand" AFK-a 18 futbolçydan ybarat sanaw berdi

16:1829.01.2018
0
5256

Täjigistanyň wise-çempiony “Hujand” topary Aziýanyň futbol konfederasiýasyna AFK_nyň kubogy — 2018-iň saýlama tapgyry üçin 18 futbolçysynyň sanawyny ugratdy.

Toparyň sanawynda 3 derwezeçi, 6 goragçy, 6 ýarym goragçy we 3 hüjümçi bar. Täjigistanyň wise-çempionynyň AFK-a beren sanawynda iki legioner bar. Olaryň biri estoniýaly derwezeçi Alekseý Matrosow, ikinjisi bolsa ganaly hüjümçi Agbleý Jonsdyr.

Ýaryşyň talaplaryna laýyklykda, duşuşygyň geçirlmegine 7 gün galanda “Hujand” bu sanawa ýene 5 futbolçyny goşup biler. Eger topar ýaryşyň toparçalaryna düşüp bilse, sanawy ýene bir ýola gözden geçirer we ýene 5 futbolçyny goşmak hukugyna eýe bolar.

 “Hujand” saýlama tapgyryň duşuşyklaryny 13-nji we 20-nji fewralda geçirer. Täjigistanyň toparynyň garşydaşy 30-njy ýanwarda geçiriljek “Ahal” — “Dordoý” toparynyň ýeňijisi bolar. 23-nji ýanwarda Bişkekde geçirilen birinji duşuşykda “Ahal” 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

“Hujand” futbol toparynyň AFK-a beren sanawy:

Derwezeçiler: 1. Dilşod Dodoboýew, 16. Muminjon Gadoýboýew, 88. Alekseý Matrosow (Estoniýa);

Goragçylar: 2. Sohibjon Hakimow, 3. Rustam Domlojonow, 5. Firdaws Çakalow, 19. Hurşed Beknazarow, 22. Manuçehr Ahmedow, 24. Dalerjon Tuhtasunow;

Ýarym goragçylar: 6. Abdusamad Hojibaýew, 8. Ehson Boboýew, 9. Karomatullo Saidow, 21. Hikmatullo Rasulow, 23. Dilşodjon Karimow, 63. Amirjon Rahimow;

Hüjümçiler: 10. Dilşod Bozorow, 20. Agbleý Jons (Gana), 62. Jahongir Ergaşew.

Ýolbaşçylar: Şawkatjon Ibragimow – menejer, Rustam Hojaýew – baş tälimçi, Şuhrat Umarow – tälimçi, Farruh Berdiýew – derwezeçileriň tälimçisi, Ahliddin Ýunusow – menejeriň kömekçisi, Mirzomubin Munawwarow – administrator, Azam Wahobow – lukman, Dawronbek Juraýew – owkalaýjy, Dalerhuja Otabekow – metbugat wekili.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň