Soňky habarlar

Arhiw

"Ahal" — "Dordoý" duşuşygynda katarly hünärmenler eminlik eder

15:3529.01.2018
0
3078

FIFA-nyň emini Khamis Mohamed Al-Kuwariniň ýolbaşçylygyndaky katarly eminler topary “Ahalyň” AFK-nyň kubogy 2018-iň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda eminlik ederler. 30-njy ýanwarda Balkanabatda “Ahal” bilen “Dordoýyň” arasyndaky geçiriljek jogap oýnunda Al-Kuwariniň  kömekçileri Juma Mohammed Al-burshaid (Katar) bilen omanly Al Ghafri Hamed Talib Saif bolar. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Abdulla Ali Al-Marri (Katar) ýerine ýetirer. Bu duşuşygyň gözegçi emini Naser Darwiş Mustafa Alghafari (Iordaniýa), duşuşygyň komissary eýranly Omid Jamali bolar.

36 ýaşly Khamus Mohamed geçen möwsümde “Bengaluru” (Hindistan) bilen “Istiklol” (Täjigistan) toparlarynyň arasyndaky AFK-nyň kubogy-2017-niň birinji ýarym finalynda eminlik edipdi. Şeýle-de katarly emin geçen ýylyň 8-nji noýabrynda Islandiýanyň hem-de Çehiýa Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygynda hem eminiň wezipesini ýerine ýetiripdi.

Ýeri gelende aýtsak, saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda “Ahal” myhmançylykda “Dordoýdan” 3:1 hasabynda üstün çykypdy.

Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň