Toparlarymyz futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk işlerini dowam edýärler. Geçen möwsüm ýurdumyzyň çempiony bolan “Altyn Asyr” topary ýaryş tablisasyny bäşinji hatarda tamamlan “Aşgabat” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi — diýip, TFF-niň resmi saýtynda aýdylýar.
Paýtagtymyzda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda ýeke-täk top hasaba alyndy. Netijeli urgyny “Altyn Asyryň” oýunçysy Mekan Aşyrow öz adyna ýazdyrdy.
“Altyn Asyr” topary geçen möwsümde 79 utuk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynda bassyr dördünji çempionlygyny gazanypdy. “Aşgabat” bolsa 45 utugy bilen bäşinji orny eýeläpdi.
Ýoldaşlyk duşuşygy
“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 1:0
Gol: 84’ Mekan Aşyrow