Soňky habarlar

Arhiw

Ozalky wise-premýer A.Garajaýew mundan beýläk türkmen kinematografiýasynyň şan-şöhratyny dikeltmek ugrunda iş alyp barar

15:1328.01.2018
0
6207

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda bolan giňişleýin mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany A.Garajaýewi başga işe geçýändigi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, onuň kinematografiýa boýunça baý iş tejribesiniň we biliminiň bardygyny nazarda tutup, oňa türkmen kinematografiýasynyň öňki şan-şöhratyny dikeltmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda kinonyň şöhratly taryhy bar. Dürli ýyllaryň dowamynda «Aýgytly ädim», «Şükür bagşy», «Gorkak batyr», «Mukamyň syry» ýaly filmler halkara festiwallaryň baýraklaryna mynasyp boldular. Alty Garlyýew, Bulat Mansurow ýaly kinorežissýorlar bolsa meşhur ussatlaryň hatarynda häzir hem giňden tanalýar.  

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine B.Abdyýewany belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Medeniýet bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň