Ozalky wise-premýer M.Aýdogdyýewe Garlykdaky dag magdan toplumynyň işini döwrebap derejede ýola goýmak ynanyldy

15:0628.01.2018
0
3839

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda bolan giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Aýdogdyýewe ýüzlenip, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň      orunbasary wezipesinden boşatmak  hem-de Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň baş direktory wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, golaýda gurlup, ulanmaga berlen bu kärhana tejribeli ýolbaşçy zerur bolup durýar. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ýerde başarjaň ýolbaşçy işgärleri saýlap almagy, kärhananyň ähli bölümlerinde işleri talabalaýyk ýola goýmagy, ýokary hilli dökünleri öndürip, ony taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlygyna ýetirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, täze bellenen ýolbaşça täze iş ýerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti K.Durdymyradowy Ministrler Kabinetiniň  Başlygynyň senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belläp, ony senagat ministri wezipesinden boşatdy hem-de ýakyn wagtda bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine sowatly we iş başarjaň ýolbaşçyny hödürlemegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rustam Jorakulyýewiç Hamraýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň