Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady

09:1327.01.2018
0
5152

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň serkerdelere, esgerlere, diňleýjilere Ýaragly Güýleriň harby talyplaryna iberen gutlagynda aýdylýar.

Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildiriiýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr diýlip, gutlagda nygtalýar. .

Taryhdan belli bolşy ýaly, ata-babalarymyz gadymyýetiň Beýik Ýüpek ýoluny gorap saklap, bu ýoluň ugrunda parahatçylykly gatnaşyklaryň nyşany bolan gala-kentleri gurupdyrlar. Uzak ýollara rowan bolan kerwenleriň goragçylary merdana türkmen gerçeklerinden düzülipdir. Bu günki günde bolsa bu mukaddes borç we jogapkärli wezipe Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçylary bolan size ynanylandyr. Siziň paýyňyza ähli üstünliklerimiziň, ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimiziň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň berk binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy janyňyzdan ileri tutup goramak, ata Watana ak ýürekden gulluk etmek ýaly mukaddes borç düşýär.

Siziň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini harby däp-dessurlar arkaly berkitmekde ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn diýlip gutlagda bellenilýär.

Biz 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda yklymyň in iri halkara sport ýaryşyny - Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli we guramaçylykly geçirdik. Ýokary netijeleri görkezen türgenleriň hatarynda harby gullukçylar hem bar. Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, şu ýyl geçiriljek «Amul - Hazar 2018» atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna hem-de agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyp, bu ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli içeri we parahatçylyk söýüji daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara derejeli transmilli gaz geçirijileriniň, şol sanda «Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan» gaz geçirijisiniň, Halkara deňiz portunyň, «Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygynyň alnyp barylmagy halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik, beýleki halklar bilen parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamak ýaly parasatly däpleriniň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda we belent sepgitlere ýetmekde siziň mynasyp ornuňyz bardyr. Siz mundan beýläk hem harby kasama wepaly bolup, ata Watanymyzyň ykdysady hem-de syýasy bähbitleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyndan gelip çykýan borçlary abraý bilen berjaý etmelisiňiz.

Biz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleri döretmäge aýratyn üns bereris diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň