Soňky habarlar

Arhiw

2018-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby ady ugrunda bäsleşik yglan edildi

05:0627.01.2018
0
5518

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2018-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem resminama bilen 2018-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.

Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň