Belarusly döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirildi

11:2326.01.2018
0
2234

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň we Belarus Respublikasynyň döredijilik işgärleriniň duşuşygy boldy. Ýurdumyzyň ýazyjydyr şahyrlarynyň, kitaphana işgärleriniň, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyga Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň guramaçysy, “Polymýa” žurnalynyň jogapkär redaktory Ýuliýa Aleýçenko gatnaşdy. Kitaphananyň eýwanynda guralan türkmen hem-de belarus dillerindäki kitaplaryň sergisi ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklarynyň ýene-de bir nyşany boldy.

Döwlet kitaphanasynda geçirilen duşuşykda Ýuliýa Aleýçenkonyň çykyşynda belleýşi ýaly, bilelikdäki dostluk çäreleri hemişe köp adamly bolýar. Munuň özi ýurtlarymyzyň raýatlarynyň birek-biregiň medeniýeti, sungaty bilen has ýakyndan tanyşmaga höweslidigini aňladýar. Myhmanyň aýtmagyna görä, ýakynda 95 ýaşyny dolduran “Polymýa” žurnalynda “Dünýäniň owazy” atly rubrika astynda türkmen ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň belarus diline terjime edilen eserleri çap edildi. Olaryň hatarynda nusgawy şahyrlar — Magtymguly, Kemine, Zelili ýaly ägirtleriň eserleri bilen bir hatarda, türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow ýaly şahyrlaryň hem goşgulary bar.

Duşuşykda türkmen, belarus dillerinde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, söýgi baradaky goşgular ýaňlandy, nakyllardyr, tymsallar okaldy. Myhmanyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli Döwlet kitaphanasyna “Fransisko Skorininiň kitap mirasy” atly köptomluk faksimil neşirini sowgat bermegi duşuşyga gatnaşyjylaryň begenjini has-da artdyrdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda belarus myhmanyna Döwlet kitaphanasynyň adyndan hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby sowgat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň