Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda we Ak Bugdaý etrabynda guruljak desgalaryň 17-siniň taslamasy bilen tanyşdy

09:4525.01.2018
0
12893

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak dürli maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Olary paýtagtymyzy toplumlaýyn gurmagyň, şäher düzümini ösdürmegiň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.

Tanyşdyrmagyň barşynda wise-premýer D.Amangeldiýew ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, birnäçe ýylyň dowamynda gurmak meýilleşdirilýän taslamalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Guruljak täze desgalaryň hatarynda döwrebap kaşaň myhmanhana, Halkara maslahatlar merkezi, Halkara kabul ediş merkezi, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binalary, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de täze Hökümet münberi bar.

Kaşaň myhmanhananyň binasy ýarym aýlaw şekilli bolup, onuň bu şekili Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda, 22,9 gektar meýdanda bina ediler. Onuň düzümine oteliň binasy, Işewürlik merkezi we Apart oteli girer. Binalar bezelende milli türkmen nagyşlary we beýleki bezeg serişdeleri ulanylar.

Myhmanhananyň birinji gatynda esasy hol, beýleki gatlarynda ýokary hilli lýuks, ýarym lýuks we standart otaglar, şeýle hem ýokary wezipeli myhmanlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşdiriler. Apartamentleri we myhmanhanalary öz içine alýan apart-oteli bu ýere gelýänleriň hyzmatynda bolar. Binanyň 13-nji gatynda panorama görnüşli restoran, ikinji gatda SPA zolakly howuz, üçünji gatda mejlisler zallary göz öňünde tutular.

Şeýle-de myhmanhananyň meýdançasynda gidropark bilen birleşýän uzynlygy 725 metr bolan derýa, emeli köl, açyk howuz, çüwdürimler, tomusky restoran we kafe ýerleşdiriler. Şeýle hem taslama uzynlygy 600 metr bolan awtomobil ýoluny öz içine alýar.

Birnäçe degişli desgalardan ybarat boljak ýene bir iri toplumlaryň biri Halkara maslahatlar merkezi bolar. Ony hem paýtagtymyzyň günorta böleginde — onuň döwrebap dolandyryş-işewürlik we medeni merkeziniň okgunly kemala gelýän böleginde gurmak teklip edilýär. Bu ýerde täze tehniki we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen, ýokary derejeli forumlary, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde duşuşyklary we gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny, resminamalara gol çekmek dabaralaryny geçirmek üçin zallary nazara almak bilen ähli şertler göz öňünde tutular.

Täze guruljak desgalaryň sanawynda Halkara kabul ediş merkezi hem bolup, onda merkezi we aýratyn naharhanalar, banket zallary we ýörite enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalar, şeýle hem gepleşikleri geçirmek üçin peýdalanyp boljak otaglar ýerleşdiriler.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hem-de «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün ediljek täze belent binalarynda olaryň işgärleriniň önjeýli işlemegi hem-de müşderilere hyzmat etmegi üçin zerur bolan ähli şertler dörediler.

Şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Gündogaryň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Ony paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel künjeginde bina etmek meýilleşdirilýär. Ýadygärligiň beýikligi 60 metre, durmaly ýeriniň diametri 25 metre deň bolar. Ýadygärlige barýan basgançakly ýola granit düşeler. Şeýle hem bu ýerde meýdany 6 gektara barabar boljak bagy-bossanlyga bürelen seýilgäh gurlar.

Milli Liderimiziň garamagyna täze Hökümet münberiniň taslamasy hödürlenildi. Bu desgany hem Köpetdagyň eteginde gurmak göz öňünde tutulýar. Çünki bu ýerden ak mermerli paýtagtymyzyň gözel keşbi açylýar. Münberiň öňünde ählihalk baýramçylyklaryny we şanly seneler mynasybetli dabaralary geçirmek üçin meýdança ýerleşdiriler. Şeýle hem bu taslamada täze ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Soňra milli Liderimize Sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynyň hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň durkuny täzelemek, 450 orunlyk 5 gatly täze umumy ýaşaýyş jaýyny, 2 gatly köpugurly sport toplumyny gurmak, şeýle hem onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, dynç alyş zolagyny döretmek we awtoduralgany enjamlaşdyrmak bilen bagly taslamalar görkezildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Nusaý» myhmanhanasynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy. Onuň binalaryny S.Türkmenbaşy we Galkynyş köçesiniň çatrygynyň golaýynda gurmak meýilleşdirilýär. Täze myhmanhana binasynda 134 sany otag, şol sanda standart, lýuks we VIP otaglar ýerleşdiriler. Şeýle hem beden taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen otaglar göz öňünde tutular. 150 orunlyk restoran, 180 orunlyk banket zaly, gözellik salony we fitnes zaly myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Myhmanhananyň çäginde sütünler, seýilgäh, ýüzülýän açyk howuz, 40 orunlyk bassyrmaly awtoduralga, şeýle hem tehniki binalar ýerleşdiriler.

Ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp amala aşyrylýan şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm bölegi hemişe durmuş ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyrylyşyň barşynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahananyň, Aşgabat şäherinde 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.

Täze şypahanany gurmaga 12 gektar ýer bölegini bermek meýilleşdirilýär. Şypahananyň binýadynda aşakdaky bölümler: anyklaýyş we maslahat beriş bölümi, fizioterapiýa bölümi, bejeriş, dem alyş, ýürek-damar, nerw, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işjeň dikeldiş hyzmatlary bölümleri açylar.

Toplumyň çäklerinde 3 gatdan ybarat 2 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Olarda 1 orunlyk otaglaryň 50-si, 2 orunlyk 70 sany, 10 sany lýuks otaglar, şeýle hem 2 gatdan ybarat 2 sany lýuks kottejleri bolar. Mundan başga-da, naharhana, 2 sany ýüzülýän howuz — 1 howuz ulular, 1 howuz çagalar üçin bolar, açyk sport meýdançasy, çagalar üçin oýun meýdançalary, pyýada we welosiped ýodalary hem-de awtoduralga göz öňünde tutulýar.

Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini Aşgabatda Bekrewe köçesinde gurmak maksat edinilýär. Onuň birinji gatynda saglyk öýi, tiz kömek bölümi we maslahat zaly, ikinji gatynda barlaghana, reanimasiýa hem-de dolandyryş bölümleri, üçünji we bäşinji gatyň aralygynda hassalar üçin 2 orunlyk otaglar bolar. Ýerzemin gatda aşhana, ammar, arhiw we beýleki degişli otaglar ýerleşdiriler. Merkeziň abadanlaşdyrylan çäklerinde awtoulaglar üçin üsti açyk duralga göz öňünde tutulýar.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda täze iri ýaşaýyş toplumy Senagat köçesiniň ugrunda 32 gektar meýdanda peýda bolar. Onuň gurluşygyny bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär. Taslama laýyklykda, bu ýerde iki we üç otagly 1120 hojalyga niýetlenen 35 sany 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, 160 orunlyk çagalar bagyny, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, inžener ulgamlary, ulag-aragatnaşyk düzümleri bilen bilelikde ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, köpugurly söwda merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.

Tanyşdyryşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň hatarynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynda guruljak desgalaryň taslamalary görkezildi, ony Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda umumy meýdany 35 gektar ýer böleginde gurmak meýilleşdirilýär.

Baş meýilnama laýyklykda, 1008 hojalyga niýetlenen 10 sany 12 gatly 72 öýli we 6 sany 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Bu ýokary amatlykly jaýlarda üç otagly öýleriň 442-si, dört otagly öýleriň 382-si hem-de bäş otagly öýleriň 184-si ýerleşer. Şeýle hem 6 sany ýerasty pyýada geçelgelerini, umumy uzynlygy 5 564 metr bolan ýollary gurmak meýilleşdirilýär.

Taýýarlanan taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzda — Tähran köçesiniň ugrunda söwda dynç alyş merkezini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň toplumyna işewürlik edara binasy hem-de çagalar dynç alyş merkezi girer. Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler. Şeýle hem ýollary we ýanýodalary, uzynlygy 500 metr we ini 15 metr bolan emeli kanaly gurmak göz öňünde tutulýar.

Söwda we dynç alyş merkeziniň ýene-de birini Magtymguly şaýoly we Taslama köçesiniň çatrygynda gurmak meýilleşdirilýär. 3 gatly binanyň birinji gatynda supermarket, köpugurly hyzmat we söwda dükanlary bolar, 2-nji gatda alyjylar egin-eşik, sowgatlyk önümleri, hojalyk harytlaryny, elektronika harytlaryny, haly önümlerini satyn alyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde toý dabaralaryny geçirmek üçin zal göz öňünde tutular. Binanyň 3-nji gatynda restoranlar, kafeler, çagalar üçin attraksionlar, edara otaglary ýerleşdiriler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhananyň taslamasyna garady. Ol paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän myhmanhana düzüminiň üstüni ýetirer. Myhmanhanany A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda umumy meýdany 6,9 gektar meýdanda gurmak meýilleşdirilýär. Binada 87 sany otag — 17-si standart, 8-si suit, 47-si lýuks, 15-si super lýuks otaglar ýerleşdiriler.

Baş meýilnama laýyklykda, myhmanhananyň çüwdürimler bilen bezelen meýdançasynda sport we çagalar oýun meýdançalary, açyk ýüzülýän howuz, bassyrmaly ulag duralgasy bina ediler. Şeýle hem taslama laýyklykda, söwda merkezi, 150 orunlyk restoran, 500 orunlyk toý mekany, gözellik salonlary göz öňünde tutular.

Hödürlenýän taslamalaryň hatarynda Aşgabat Halkara howa menzili üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň