Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hindistanda geçiriljek Halkara energetika maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar

11:3524.01.2018
0
3982

Şu ýylyň 10 — 12-nji apreli aralygynda Hindistanyň, Hytaýyň we Günorta Koreýanyň degişli ministrlikleri Nýu-Deli şäherinde bilelikdäki Halkara energetika maslahatyny geçirerler. Bu maslahata Türkmenistan hem çagyryldy.

Bu iri maslahata 60 döwletiň minisrltiklerinden we hökümet edaralaryndan, bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalardan we halkara guramalardan 700 töweregi wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, ORIENT habarlar agentligi ýazýar.

Hindistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde aýdylşy ýaly, maslahatda TOPH gaz geçirijisi babatda hem nobatdaky gepleşikler geçirilip, öňde duran wezipeler bilelikde çözüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň