Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

23:5423.01.2018
0
4652

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen Jin Ki Huny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we Doly ygtyýarly wekil ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, gurluşyk, energetika we ulag ýaly ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Bu ulgamlarda Türkmenistan möhüm başlangyçlar, hususan-da, ýük daşamak üçin has amatly ugurlary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Diplomat koreýaly işewürleriň dünýäniň ähli künjeklerinden geljekki maýadarlary we kompaniýalary özüne barha çekýän geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurda goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-koreý hökümetara toparynyň işine hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlaryna möhüm orun degişlidir. Olar netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam etmelidir.

Medeni-ynsanperwer ulgamy özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ulgamda iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni we ylym-bilim babatdaky gatnaşyklary höweslendirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda koreý diliniň okadylmagy, bilim maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy hem-de Koreýa Respublikasynyň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň aýdyň mysallary hökmünde görkezildi. Şeýle hem syýahatçylyk we sport, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň